Eýranda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany artmaga dowam edýär

Eýranda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 393 müň 425 adama ýetdi

1488280
Eýranda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany artmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 908 müň 522 adama, wirus ýokanlaryň sany 28 million 53 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 20 million 120 müň adama ýetdi. 

22 müň 669 adamyň ýogalan we 393 müň 425 adamyň Kovid-19-a ýolugan Eýranda, awgust aýynyň ahyrynda wirusa ýolugan adamlaryň sany azalsada, Aşure dabaralaryndan soň Kovid-19 wakalary ýaňadandan artmaga başlady. Prezident Hasan Ruhani, epidemiýa garşy göreşde uly öňe gidişlikleriň edilendigini we Aşure dabaralarynyň hem saglygy goraýyş bilen bagly düzgünnamalara laýyklykda ýerine ýetirilendigini belläp, şu ýyl Yrakdaky ýagdaýyň oňaýly bolmanlygy sebäpli Eýrandan Arbain dabaralary üçin Yragyň Kerbela şäherine gidilmejekdigini habar berdi. 

Hindistanda ýene-de 1 müň 201 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 75 müň 119 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 95 müň 735 adamlyk artyş bilen, 4 million 470 müň 166 adama ýetdi. 

Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 128 adam atyp, 18 müň 263 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 5 müň 363 adamlyk artyş bilen, jemi 1 million 46 müň 370 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasynda 19 adamyny ýitiren we 1 müň 773 adamyň wirusa ýolugan Gruziýada, ýapyk we açyk ýerlerde 10-dan köp adamyň gatnaşmagynda geçirilýän toý dabaralary we jynaza çäreleri gadagan edildi. 

Häzirki wagta çenli Kovid-19 sebäpli 1 müň 634 adamyň ýogalan we 106 müň 584 adamyň wirusa ýolugan Gazagystanda, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, ýurdunyň Kovid-19 sanjymyny oýlap tapandyklaryny we sanjymyň dowamly önümçiligine fewral aýynda başlajakdyklaryny habar berdi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda ýene-de 161 adamyň artmagy bilen, jemi 31 müň 962 adama ýetdi. Afrikada Kovid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa 8 müň 365 adamlyk artyş bilen, 1 million 328 müň 263 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 15 müň 168 adama, Müsürde 5 müň 577 adam, Alžirde 1 müň 581 adam, Yrakda 7 müň 732 adama, Pakistanda bolsa 6 müň 365 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #Afrika , #wirus , #Eýran , #koronawirus

Degişli Habarlar