ABŞ Yrakdaky Esgerleriniň Sanyny Azaldar

ABŞ, sentýabr aýynda Yrakdaky esgerleriniň sanyny 5200-den 3 müňe çenli azaldar

1487782
ABŞ Yrakdaky Esgerleriniň Sanyny Azaldar

 

ABŞ Yrakdaky esgerleriniň sanyny şu aý 3 müňe çenli azaltjakdygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdesi goşun generaly MjKenzie mesele hakynda beren beýanatynda “Yragyň ýaragly güýçleriniň uly öňe gidişlik edendigi sebäpli, yragyň hökümeti we hyzmatdaş güýçler bilen geçirlen gepleşikler netijesinde ABŞ, sentýabr aýynda Yrakdaky esgerleriniň sanyny 5200-den 3 müňe çenli azaldar” diýdi.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdesi, Yrakda galan Amerikaly esgerleriň, DAIŞ-i dolulygyna ýok etmek üçin yragyň howpsyzlyk güýçlerine goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.


Etiketkalar: #azaltmak , #Yrak , #ABŞ

Degişli Habarlar