Dünýäde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli adam ýitgileri çekilmäge dowam edilýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 19 million 379 müň adama ýetdi

1486013
Dünýäde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli adam ýitgileri çekilmäge dowam edilýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 887 müň 596 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 27 million 296 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 19 million 379 müň adama ýetdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 1 müň 16 adamyň ýogalmagy bilen, Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 71 müň 642 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 90 müň 802 adam artyp, 4 million 204 müň 613 adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 31 müň 357 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 305 müň 252 adama ýetdi. 

Afrika materiginde şu günki güne çenli Kovid-19 sebäpli iň köp adam ýitgisi 14 müň 889 adam bilen Günorta Afrika Respublikasynda, 5 müň 530 adam bilen Müsürde we 1 müň 556 adam bilen Alžirde bellige alyndy.

Mawrikiý döwletinde Kovid-19 bilen kesellän adam galmady, Seýşel adalarynda we Eritreýada koronawirus sebäpli adam ýitgisi çekilmedi. 

Wirusa ýoluganlaryň sany bolsa Günorta Afrikada 638 müň 517 adama, Müsürde 99 müň 863 adama we Marokkoda 72 müň 394 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar