Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 861 müň 900 adamdan geçdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 18 million 217 müň 100 adamdan geçdi

1483651
Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 861 müň 900 adamdan geçdi

 

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalýanlaryň sany 861 müň 900 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 25 million 935 müň 515 adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 18 million 217 müň 100 adamdan geçdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 1 müň 45 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 66 müň 491 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 78 müň 357 adamlyk artyş bilen 3 million 773 müň 483 adama ýetdi.

Eýranda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 125 adam artyp, 21 müň 797 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 858 adamlyk artyş bilen, 378 müň 752 adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli Russiýada ýogalanlaryň sany 17 müň 414 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 5 müňe ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli Hytaýda soňky 24 sagatda ýene-de 8 adam, Gonkongda 12 adam, Günorta Koreýada 267 adamyň Kovid-19-a ýolugandygy anyklandy.

BAE-de oronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 384 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 70 müň 805 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli 570 adamyň ýogalan Ýemende, wirus ýokanlaryň sany 1 müň 96 adama ýetdi.  

Afrika materiginde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 30 müň 104 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 million 264 müň 417 adama ýetdi. 

Afrika materiginde şu günki güne çenli Kovid-19 sebäpli iň köp adam ýitgisi 14 müň 263 adam bilen Günorta Afrika Respublikasynda, 5 müň 421 adam bilen Müsürde, 1 müň 518 adam bilen Alžirde bellige alyndy. 

Wirus ýokanlaryň sany bolsa Günorta Afrika Respublikasynda 628 müň 259 adama, Müsürde 99 müň 115 adama we Marokkoda 5 müň 440 adama ýetdi.



Degişli Habarlar