Waşingtonda Rasizme Garşy Ýöriş Geçirildi

Ýörişe müňlerçe adam gatnaşdy

1481169
Waşingtonda Rasizme Garşy Ýöriş Geçirildi

ABŞ-nyň tanymal adam hukuklary aktiwistleri we onlarça mün amerikaly Martin Luter Kingiň “Bir hyýalym bar” atly çykyşynyň edilen gününde Waşingtonda uly göwrümli ýöriş geçirdi.

Golaýdaky ştatlardan gelen müňlerçe adamyň gatnaşmagynda Waşingtonda geçirilen ýörişde Martin Luter Kingiň ýadygärligine gül desselerine goýup, ýurtdaky rasizme we polisiň basyşlaryna berk reaksiýa bildirdi.

Ýadygärligiň golaýynda jemlenşen mähellä ýüzlenip çykyş eden adam hukuklary aktiwistleri, ýurtdaky howpsyzlyk gullukçylarynyň garaýagyzlara we azlyklara garşy ýalňyş çemeleşmelerini tanky eden bolsa, gatnaşyjylar Kingiň garaýyşlaryny beýan edýän şygarlary göterdiler.

Maý aýynda Amerikanyň Minnesota ştatynyň Minnepolis şäherinde polisiň basyşy sebäpli Afroamerikan Jorj Floýdyň aradan çykmagy sebäpli ýurduň ähli künjeklerinde köp sanly dartgynlygy protestler geçirilipdi. Wiskonsin ştatynyň Kenoşa şäherinde ýekşenbe güni amerikaly Afroamerikan Ýakop Blakyň polisler tarapyndan ýagyrnysyndan 7 gülle bilen atylmagy amerikan jemgyýetinde berk garşylyk döredipdi.

Martin Luter Kingiň 1963-nji ýylda Waşingtonda geçirilen we 250 müň adamyň gatnaşan “İş we Azatlyk Üçin Waşingtona Ýöriş” temaly demonstrasiýada sözlän “Bir Hyýalym Bar” atly çykyşy asly Afrikaly raýatlaryň hukuklary ugrundaky göreşinde öwrülşik nokady bolupdy.

 

 



Degişli Habarlar