Kovid-19 epidemiýasy sebäpli dünýä derejesindäki adam ýitgileri dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 16 million 363 müň 813 adama ýetdi

1478591
Kovid-19 epidemiýasy sebäpli dünýä derejesindäki adam ýitgileri dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 817 müň 16 adama, wirus ýokanlaryň sany 23 million 812 müň 853 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 16 million 363 müň 813 adama ýetdi. 

Wirus ýokan adamlaryň sanynyň köplügi boýunça dünýäde 3-nji orunda bolan Hindistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 58 müň 546 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 3 million 167 müň 323 adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli iň köp adam ýitgisini çeken ýurt bolan Günorta Afrika Respublikasynda, soňky 24 sagatda ýene-de 100 adamyň ýogalmagy bilen, Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 13 müň 159 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 müň 677 adamlyk artyş bilen 611 müň 450 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 6 müň 419 adamyň ýogalan Yrakda, Mejlisiň başlygynyň birinji orunbasary Kaabi, Kovid-19-a ýolugandygyny aýan etdi. Hasan Kaabi, beren ýazmaça beýanatynda saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny belledi. 

Gazada Kovid-19-a garşy görülýän çäreleriň çäginde ähli ýerde 48 sagat möhlet bilen köçä çykmak gadagançylygy girizildi. Gazada Kovid-19-a ýolugan adamlaryň sany 4 adamlyk artyş bilen jemi 113-e ýetdi.


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar