Trampyň Baş maslahatçysy aýyň ahyrynda wezipesinden çekiler

Kellienn Konweý wezipesinden çekiljekdigini ýazmaça ýagdaýda aýan etdi

1478161
Trampyň Baş maslahatçysy aýyň ahyrynda wezipesinden çekiler

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň iň ýakyn toparynyň içinde bolan we 2016-njy ýyldan bäri Ak Tamda Baş maslahatçy wezipesinde işleýän Kellienn Konweý, şu aýyň ahyrynda wezipesinden çekiljekdigini aýan etdi. 

Wezipesinden çekiljekdigini ýazmaça ýagdaýda aýan eden Kellienn Konweý: "Bu meniň dolulygyna şahsy pikirim we meniň sesim. Gelejek bilen bagly meýilnamalarymy ýakynda aýan ederin, emma şu wagtlykça hormatly çagalarym üçin has az drama, has köp ene bolmak wagty" diýip belledi. 

4 çagasy bolan Kellienn Konweýiň beren beýanatynda çagalarynyň üstünde durup geçmegi ünsleri özüne çekdi. 



Degişli Habarlar