“Natanzdaky Ýangyn Sabbotaž”

Natanz ýadro merkezinde 2-nji iýulda bolan ýangyn güýçli partlama sebäp bolupdy

1477974
“Natanzdaky Ýangyn Sabbotaž”

Eýranyň Atom Energiýasy Gullugynyň metbugat geňeşçisi Bahruz Kemalwendi, geçen aý Natanz şäherindäki ýadro desgasynda bolan partlamanyň sebäbiniň sabbotaždygyny mälim etdi.

“Al-Alam” teleýaýlymyna beýanat beren Kemalwendi “Howpsyzlyk güýçlerimiz Natanzdaky partlamanyň sabbotaž sebäpli bolandygyny çaklaýar” diýdi.

Kemalwendi partlama hakynda giňişleýin maglumatyň ýakynda howpsyzlyk güýçleri tarapyndan beriljekdigini beýan etdi.

Eýranyň urany kämilleşdirmekde esasy desgasy bolan Natanz Şehid Ahmedi Ruşen ýadro merkezinde 2-nji iýulda bolan ýangyndan soň partlama bolupdy.

Partlama sebäpli desga uly zeper ýetendigi habar berlipdi.

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde partlamadan Ysraýylyň jogapkärdigi öňe sürlüpdi.



Degişli Habarlar