Tramp Kaliforniýadaky ýangynlary uly apat hökmünde häsýetlendirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, "Uly apat" diýip yglan eden Kaliforniýa ştatynda dowam edýän ýangynlar üçin federal derejedäki kömege rugsat berdi

1477615
Tramp Kaliforniýadaky ýangynlary uly apat hökmünde häsýetlendirdi

BBC-niň berýän habaryna görä, Kaliforniýanyň gubernatory Gawin Newsom Twitter hasabyndan beren beýanatynda, ýangynlaryň welaýatda ozal görülip-eşidilmedik tebigy heläkçilige sebäp döredendigini belläp: "Klimat çalşygyna ynanmaýan bolsaňyz, Kaliforniýa geliň" diýip belledi. 

Ştatda 400 müň gektar tokaý meýdany kül bolan bolsa, 14 müňden gowrak ýangyn söndüriji 585 aýry nokatda ýangyny gözegçilik astyna almaga synanyşýar. 

Kaliforniýadaky ýangynlarda ýogalanlaryň sany 6 adama ýetdi, aralarynda ýangyn söndürijiler hem bolan 43 adam ýaralandy. 

Müňlerçe adamyň öýlerini terk etmäge mejbur bolan ştatda, soňky gezek bolsa San-Hoseniň golaýyndaky Baý diýilen ýerde ýaşaýan müňlerçe adam howpsyz ýerlere göçürildi. 



Degişli Habarlar