Türkiýäniň tapan tebigy gaz atiýajy Russiýada we Ýewraziýada giň seslenme döretdi

Türkiýäniň Gara deňizde tapan 320 milliard kub metrlik tebigy gaz ätiýajy Russiýanyň we Ýewraziýanyň metbugatynda giň seslenme döredýär

1477270
Türkiýäniň tapan tebigy gaz atiýajy Russiýada we Ýewraziýada giň seslenme döretdi

Russiýanyň Vesti.ru internet saýty tapylan tebigy gaz ätiýajy barada "Türkiýe Russiýanyň gazyna alternatiwa gözleýär" diýip belledi. 

Habarda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň: "Bu taryhy bir waka. Gara deňizde ýurdyň taryhynyň iň uly tebigy gaz ätiýajyny tapdyk. 320 milliard kub metr ätiýaja eýe. 2023-nji ýyla çenli muny raýatlarymyza ýetirmegi meýilleşdirýäris" diýen sözleri paýlaşyldy. 

Ren TV-niň habar saýtynda bolsa tapylan gaz ätiýajyny "Gara deňizde tapylan tebigy gaz ätiýajy Türkiýäniň býujet ýagdaýyny üýtgeder" sözbaşysy bilen berdi. 

Russiýanyň habarlar agentligi Interfaks-yň "Türkiýe Gara deňizde uly tebigy gaz ätiýajyny tapdy" sözbaşysy bilen beren habarynda, şol tebigy gaz gorunyň 320 milliard kub metr ätiýaja eýedigi we onuň Türkiýäniň iň uly tebigy gaz ätiýajydygy mälim edildi. 

Russiýanyň Prawda gazedinde "Türkiýe Gara deňizde tebigy gaz tapdy" sözbaşysy bilen beren habaryna görä, Türkiýäniň Gara deňiz bilen birlikde Gündogar Ortaýer deňizinde hem gözleg geçirýändigi aýan edildi. 

Gruziýanyň iň uly habar agentliklerinden biri bolan Interpressnews, Türkiýäniň Gara deňizde 320 milliard kub metr tebigy gaz ätiýajyny tapandygyny beýan etdi. 

Gazagystanyň milli habar agentligi Kazinform çap eden habarynda "Türkiýe Gara deňizde tebigy gaz ätiýajyny tapdy" sözbaşysyny ulandy.

Zakon.kz habar saýty "Erdogan Gara deňizde iň uly tebigy gaz ätiýajyny tapandygyny mälim etdi" diýip belledi. 



Degişli Habarlar