Kovid-19 ýokanlaryň sany dünýäde 22 million 327 müň 50 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 15 million 66 müň 760 adamdan geçdi

1475636
Kovid-19 ýokanlaryň sany dünýäde 22 million 327 müň 50 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 784 müň 805 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 22 million 327 müň 50 adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 15 million 66 müň 760 adamdan geçdi. 

Kovid-19 epidemiýasynyň iň köp zyýan ýetiren 3-nji ýurdy bolan Hindistanda adam ýitgisi 53 müň 26-a ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 768 müň adamdan geçdi. 

Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 15 müň 989 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 937 müň 321 adama ýetdi. 

Eýranda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 20 müň 125 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 350 müň 279 adama ýetdi. 

Yrakda soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýene-de 82 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 6 müň 36-a, wirus ýokandygy hasaba alynanlaryň sany bolsa 4 müň 576 adam artyp, 184 müň 709 adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 415 adamlyk artyş bilen, 26 müň 357 adama, wirusa ýokanlaryň sany bolsa 8 müň 674 adamlyk artyş bilen, 1 million 140 müň adama ýetdi. Afrika materiginde Kovid-19 sebäpli iň köp adam ýitgisi 12 müň 264 adam bilen Günorta Afrika Respublikasynda, 5 müň 184 adam bilen Müsürde we 1391 adam bilen Alžirde çekildi.  

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli 6 müň 201 adamyň ýogalan Pakistanda Derman düzgünleşdirme guramasy, Hytaýyň  "CanSino" derman kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan koronawirus sanjymynyň 3-nji kliniki synaglarynyň adamlaryň üstünde synagdan geçirilmegine rugsat berdi. 

105 adamyň Kovid-19 sebäpli ýogalan Liwanda, epidemiýa garşy görülýän çäreleriň çäginde anna gününden başlap, ýurdyň ähli ýerinde köçä çykmak gadagançylygynyň giriziljekdigini habar berdi. 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy boýunça soňky 24 sagatda Hytaýda 17 adam, Günorta Koreýada bolsa 297 adam wirusa ýolukdy. 

Ukrainada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 28 adam artyp, 2 müň 144 adama ýetdi. Ýurtda şol wagt aralygynda ýene-de 1 müň 967 adamyň Kovid-19-a ýolukmagy bilen, wirus ýokanlaryň sany 96 müň 403 adama ýetdi. 

Özbegistanda düýn agşamdan bäri Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 3 adamlyk artyş bilen, 245-e ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 408 adam artyp, 36 müň 760 adama ýetdi. 

Ermenistanda soňky 1 günde Kovid-19 sebäpli ýene-de 1 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 833-e ýetdi. Ýurtda ýene-de 210 adamyň koronawirusa ýolukmagy bilen, wirus ýokanlaryň sany 42 müň 56 adama ýetdi. 

Gyrgyzystanda Kovid-19 sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 1 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 1 müň 499-a ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 179 adam artyp, 42 müň 325 adama ýetdi. 

Gruziýada soňky 1 günde ýene-de 10 adamda Kovid-19-yň bardygy anyklananyndan soň, ýurtda wirus ýokanlaryň sany 1 müň 402-ä ýetdi. 



Degişli Habarlar