Dünýäde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Dünýäde saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 15 million 53 müň adamdan geçdi

1475341
Dünýäde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 784 müň 384 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 22 million 309 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 15 million 53 müň adamdan geçdi. 

Kovid-19 epidemiýasynyň iň köp zyýan ýetiren 3-nji ýurdy bolan Hindistanda adam ýitgisi 53 müň 26-a ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 768 müň adamdan geçdi. 

Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 15 müň 872 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 932 müň 493 adama ýetdi. 

Eýranda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 19 müň 972 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 347 müň 835 adama ýetdi. 

Yrakda soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýene-de 82 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 6 müň 36-a, wirus ýokandygy hasaba alynanlaryň sany bolsa 4 müň 576 adam artyp, 184 müň 709 adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 415 adamlyk artyş bilen, 26 müň 357 adama, wirusa ýokanlaryň sany bolsa 8 müň 674 adamlyk artyş bilen, 1 million 140 müň adama ýetdi. Afrika materiginde Kovid-19 sebäpli iň köp adam ýitgisi 12 müň 264 adam bilen Günorta Afrika Respublikasynda, 5 müň 184 adam bilen Müsürde we 1391 adam bilen Alžirde çekildi.  



Degişli Habarlar