Kovid-19 dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýäde saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 14 million 565 müň 255 adama ýetdi

1474119
Kovid-19 dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 773 müň 122 adama, wirus ýokanlaryň sany 21 million 829 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 14 million 565 müň 255 adama ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasynyň iň köp zyýan ýetiren ýurtlarynyň biri bolan Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 941 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirusa sebäpli adam ýitgisi 51 müň 59 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 648 müň 353 adama ýetdi. 

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 295 adamlyk artyş bilen 25 müň 678 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 9 müň 999 adam artyp, 123 müň 142 adama ýetdi. 

Afrika materiginde şu günki güne çenli Kovid-19 sebäpli iň köp adam ýitgisi 11 müň 839 adam bilen Günorta Afrika Respublikasynda, 5 müň 160 adam bilen Müsürde we 1 müň 370 adam bilen Alžirde hasaba alyndy. 

Gündogar Afrika ýurtlaryndan Keniýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 474 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 30 müň 120 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar