Germaniýa Russiýanyň Kovid-19 sanjymynyň ýeterlik derejede synagdan geçmändigini nygtady

Moskwanyň gutarnykly synaglary tamamlanmadan tassyklanan sanyjymy käbir hünärmenler tarapyndan şübhe bilen garalýar

1471690
Germaniýa Russiýanyň Kovid-19 sanjymynyň ýeterlik derejede synagdan geçmändigini nygtady

Germaniýanyň hökümeti Russiýanyň koronawirus Kovid-19 sanjymynyň ýeterlik derejde synagdan geçmändigini, milliardlarça adamy gereginden ir sanjym etmegiň howply bolup biljekdigi barada duýduryş berdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Gamaleýa instituty tarapyndan oýlanyp tapylan, ýurdyň ilkinji Kovid-19 sanjymynyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan tassyklanandygyny habar beripdi. 

Şeýlelik bilen Russiýa Kovid-19 sanjymyna resmi ýagdaýda tassyklan ilkinji ýurt boldy. 

Moskwanyň gutarnykly synaglary tamamlanmadan tassyklanan sanyjymy käbir hünärmenler tarapyndan şübhe bilen garalýar. 

Germaniýanyň Saglygy goraýyş ministr Ýens Spahn: "Millionlarça adamy, hatda milliardlarça adamy gereginden ir sanjym etmäge başlamak howply bolup biler. Russiýada nämeler bolýandygyny bilemok, muňa şübhe bilen garaýaryn. Esasy mesele ruslaryň biz açyk ýagdaýda aýtmazlygy. Bu ýeterlik derejede synagdan geçirilmedi" diýip habar berdi. 

Spahn, pandemiýa günlerinde testler geçirmegiň we netijelerini halka aýan etmegiň ynam üçin örän möhümdigini belledi. 



Degişli Habarlar