Owganystanda harby birikmä hüjüm guraldy

Wakada 7 adam ýogaldy

1469667
Owganystanda harby birikmä hüjüm guraldy

Owganystanyň Gazna welaýatynda harby birikmä bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 7 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy. 

Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Taryk Arýen, Gaznanyň Kotal Rawza sebitindäki harby birikmäniň bomba ýüklenen ulag bilen nyşana alynyp hüjüm guralandygyny habar berdi. 

Taryk Arýen hüjümde 7 esgeriň ýogalandygyny, 16-synyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar