Owganystanda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Wakada 8 adam ýogaldy

1465087
Owganystanda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Owganystanyň Logar welaýatynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy.

Ýurdyň Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Taryk Arýen, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, hüjümçiniň bomba ýüklenen ulag bilen Logar welaýatynyň merkezi Puli Alem şäherinde düýn agşam Gurban baýramy üçin söwda etmäge çykan asuda halky nyşana alandygyny habar berdi.

Hüjümde asuda ilatdan 8 adamyň ýogalandygyny aýdan Arýen, asuda ilatdan 30 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Arýen hüjümiň jogapkäriniň Talibandygyny aýtdy.

Taliban bolsa hüjüm bilen hiç hili arabaglanşygynyň bolmandygyny aýan etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.



Degişli Habarlar