Demirgazyk Sibirdäki köllerden birinde tüýli mammodyň skledi tapyldy

Galyndynyň azyndan on müň ýyllykdygy çaklanylýar

1464226
Demirgazyk Sibirdäki köllerden birinde tüýli mammodyň skledi tapyldy

23-nji iýulda Russiýanyň demirgazygyndaky Ýamalo-Nenes sebitindäki Peçewalawato kölüniň saý böleginde çopanlar tarapyndan tapylan sklediň dolulygyna çykarylmagy üçin rus alymlary iş alyp barýarlar.

Azyndan 10 müň ýyl ozal ýaşandygy çaklanylýan mammodyň kelleçanagy, açakky äňi, birnäçe gapyrgasynyň bölekleri we aýak tendonlary tapyldy.

Arktika ylmy barlaglar merkeziniň Müdiri Dmitriý Frolow mammoda degişli beýleki süňkleriň gözleg işiniň dowam edýändigini belläp: “Mammodyň haýsy ýyllarda ýaşandygyny we näçe ýaşynda ölendigini anyk bilmeýän hem bolsak, galyndylaryň azyndan on müň ýyllyk” diýdi.

Ozalam Russiýanyň dürli sebitlerinde ençeme doňan haýwanyň galyndylary tapylypdy.


Etiketkalar: #mammot , #Russiýa

Degişli Habarlar