ABŞ-nyň Wekiller Palatasy Syýahat Gadagançylygyna Garşy Kanun Taslamasyny Tassyklady

Syýahat Gadagançylygy 2017-nji ýylyň başynda getirilipdi

1460477
ABŞ-nyň Wekiller Palatasy Syýahat Gadagançylygyna Garşy Kanun Taslamasyny Tassyklady

ABŞ-nyň Wekiller Palatasy Amerikan hökümetiniň käbir musulman ýurtlar bilen bilelikde 7 döwlediň raýatlaryna goýulan syýahat çäklendirmesine garşy kanuny tassyklady.

Amerikan hökümetiniň iş başyna gelmeginden bir hepde soň 2017-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Eýran, Liwiýa, Somali, Siriýa we Ýemen bilen bilelikde 7 ýurda goýan syýahat gadagançylygyna garşy Demokratlar tarapyndan hödürlenen we “Gadagançylyga Garşy Kanun” atlandyrylan kannun taslamasy Wekiller Palatasynyň Baş Assambleýasynda sese goýuldy.

Taslama 233 kabul sesi berildi. Garşy ses berenleriň sany bolsa 183.

Taslamada Ak Tamyň, Döwlet sekretarlygynyň we İçerki howpsyzlyk ministrliginiň haýsydyr bir ýurda syýahat çäklendirmesini goýmazdan ozal Kongrese geňeşmegi, eger şeýle bolman halatynda kararyň “güýçsiz” bolmagy nazarda tutulýar.

Hökümetiň goýan syýahat gadagançylygyndan zyýan çeken adamlaryň bolsa federal kazyýetlere ýüz tutma hukugy bar.

Taslama Senat tarapyndan hem tassyklanan halatynda kanunlaşmagy üçin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň garamagyna hödürlener.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp iş başyna gelenden birnäçe wagt soň Eýran, Liwiýa, Somala, Siriýa, Ýemene, Çada we Demirgazyk Koreýa syýahat gadagançylygyny goýupdy. Kararyň giň halk köpçüligi tarapyndan howa menzillerinde protest edilmegi sebäpli egilşik etmeli bolupdy.

ABŞ-nyň Ýokary Kazyýeti 2019-njy ýylyň iýun aýynda Trampyň käbir musulman ýurtlar bilen bilelikde 7 ýurda goýan syýahat gadagançylygyny 4 ses bilen tassyklap, Amerikan konstitutsiýasyna laýyk diýip tapandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar