Russiýa Eýrana goýlan ýarag embargosynyň möhlediniň uzadylmagy baradaky tagallara garşy

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif Moskwa bardy

1459358
Russiýa Eýrana goýlan ýarag embargosynyň möhlediniň uzadylmagy baradaky tagallara garşy

 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Eýrana goýlan ýarag embargosynyň möhlediniň uzadylmagy baradaky tagallara garşydyklaryny aýtdy.

Sergeý Lawrow, ýurdunda saparda bolýan Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif bilen paýtagt Moskwada bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Eýrana goýan ýarag embargosynyň möhlediniň oktýabr aýynda dolandygyny ýatladan Lawrow, “Embargonyň möhlediniň uzadylmagy baradaky tagallalar ne hukuga, ne syýasata ne-de ahlaga laýyk gelýär” diýdi.



Degişli Habarlar