“Sea Breeze-2020” harby türgenleşigi Garadeňizde başlady
“Sea Breeze-2020 türgenleşigi Garadeňizde durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegini maksat edinýär”
1458731
Türgenleşige Türkiýe bilen birlikde ABŞ-dan, Fransiýadan, Norwegiýadan, Ruminiýadan, Bolgariýadan, Gruziýadan, İspaniýadan we Ukrainadan 2 müň esger gatanaşar.
Ukrainanyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli türgenleşige diňe deňiz we howa güýçleriniň gatnaşjakdygy nygtaldy.
Beýanatda “Sea Breeze-2020 türgenleşigi Garadeňizde durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegini maksat edinýär” diýildi.
20-den gowrak harby gäminiň, uçaryň we dik uçaryň gatnaşmagynda geçirilýän türgenleşik 7 gün dowam eder.
Degişli Habarlar
Günbataryň Ýaraglary Russiýadaky Pozisiýalary Urmak Üçin Ulanylmaly Däl
Bu barasynda Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols beýannama berdi.