Owganystanda yzly-yzyna hüjümler guraldy
Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen bagly beýanat berilmedi
Owganystanda Taliban tarapyndan atylan raketanyň öýleriň birine degmegi netijesinde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy, 8 adam bolsa ýaralandy. Ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde olsa asuda ilatdan 3 adam ýogaldy.
Kapisa welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Abdul Şaýik Şuriş metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Talibana agza terrorçylaryň Tagab etrabynyň merkezine hüjüm gurandygyny habar berdi.
Hüjüm guralan mahaly Talibanlylar tarapyndan atylan raketanyň öýleriň birine degendigini aýdan Şuriş, hüjümde asuda ilatdan 3 adamyň ýogalandygyny, 8 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.
Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen bagly beýanat berilmedi.
Uruzgan welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Zilgeý Ibadi bolsa metbugat işgärlerine beren beýanatynda, şäheriň merkezine ýakyn bir ýerde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, asuda ilaty daşaýan ulagyň şol ýerden geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi.
Ibadi partlamada asuda ilatdan 3 adamyň ýogalandygyny aýan etdi.
Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.
Degişli Habarlar
G-7-ä Agza Ýurtlar Ýakyn Gündogarda Asuda Ilatyň Ýogalmagyna Sebäp Bolýan Hüjümleri Ýazgardy
Jarnamada şeýle hem ähli taraplara asuda ilatyň goralmagy üçin çagyryş berildi.