Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 604 müň 960 adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 8 million 620 müň adamdan geçdi

1457653
Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 604 müň 960 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 604 müň 960 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 14 million 429 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 8 million 620 müň adamdan geçdi.

Braziliýada soňky 1 günde ýene-de 921 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 28 müň 532 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 78 müň 772 adam artyp, 2 million 74 müň 860 adama ýetdi.

Meksikada soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 578 adam artyp, 38 müň 888 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 müň 615 adamlyk artyş bilen 338 müň 913 adama ýetdi.

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 45 müň 273 adam ýogalan we wirusa ýoluganlaryň sany 294 müň 66 adama ýeten Britaniýada, Premýer ministri Boris Jonson Kovid-19-a garşy göreşiň çäginde ýurt derejesinde 2-nji bir köpçülikleýin karantin düzgünlerini berjaý etmäge zerurulygyň bolmajakdygyny belledi.

Italiýada soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 14 adam ýogaldy. Şeýlelik bilen ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 35 müň 42 adama ýetdi. Italiýada täze görnüş koronawirusa ýene-de 249 adamyň ýolugandygy anyklandy.

Ispaniýada anna güni aýan edilen soňky görkezijilere görä, Kovid-19 sebäpli şu günki güne çenli 28 müň 420 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 260 müň 255 adama ýetdi.

Awstraliýanyň Melburn şäherinde soňky 24 sagatda ýene-de 3 adamyň koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalmagyndan soň, maska geýmeklik mejbur ýagdaýa getirildi. Awstraliýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany şeýlelik bilen 122 adama ýetdi.



Degişli Habarlar