Eýranda ölüm jezalarynyň bes edilmegi üçin başlan ýörişler, hökümete garşy protestlara öwrüldi

Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümlerini ýazgarmak makady bilen ýörişiň geçirilmegine rugsat berilmedi

1456678
Eýranda ölüm jezalarynyň bes edilmegi üçin başlan ýörişler, hökümete garşy protestlara öwrüldi

Eýranyň günortasynda ýerleşýän Huzistan welaýatynyň Behbehan şäherinde ölüm jezalarynyň bes edilmegi üçin başlan ýörişler, hökümete garşy protestlara öwrüldi.

Noýabr aýynda benziniň bahasynyň artdyrylmagy sebäpli geçirlen protest ýörişlerine gatnaşandygy sebäpli 3 adama ölüm jezasynyň berilmegine garşylyk görkezmek maksady bilen Behbehan meýdanynda ýöriş geçirildi.

Dini lider Ali Hamaneýe garşy şygarlaryň aýdylmagy sebäpli howpsyzlyk güýçlerine protestçylara garşy güýç ulandy we dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Ýurduň birnäçe şäherinde özlüm jezalaryna garşy ýörişleriň geçirilmegi üçin çagyryş berlendigi sebäpli howpsyzlyk güýçleri paýtagt Tähranyň başda durmagynda birnäçe şäherde berk howpsyzlyk çärelerini gördi.

Beýleki tarapdan howpsyzlyk güýçleri Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümlerini ýazgarmak we Azerbaýjana goldaw bermek makady bilen Töwriz we Urumiýe ýaly şäherlerde ýörişiň geçirilmegine rugsat bermedi.

Töwrizde bir ýere jemlenşen toparlar Azerbaýjana goldaw berýän şygarlar aýtdy.

Tähranda hem howpsyzlyk güýçleri eýranlylaryň Ermenistanyň ilçihanasynyň öňünde bir ýere jemlenişmegine rugsat bermedi, topara garşy güýç ulandy.



Degişli Habarlar