ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri Brýusselde duşuşar

Liderler halas ediş bukjasynyň çägi, kreditleriň we kömekleriň mukdary we talap edilýän şertleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşar

1456324
ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri Brýusselde duşuşar

 

ÝB-ne agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary Brýusselde duşuşar

ÝB-ne agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde iýul aýynyň 17-18-i aralygynda maslahat geçirler.

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişeliň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek maslahata, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen bilen ÝB Parlamentiniň başlygy Sassoli hem gatnaşar.

Maslahatda täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde taýarlanan 750 milliard ýewrolyk ykdysady halas ediş bukjasy bilen 1 trillion ýewrolyk ÝB-niň 2021-2027-nji ýyllary öz içine alýan bujedi ara alnyp maslahatlaşylar.

Liderler halas ediş bukjasynyň çägi, kreditleriň we kömekleriň mukdary we talap edilýän şertleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşar.


Etiketkalar: #bujet , #ÝB , #halas ediş

Degişli Habarlar