Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 585 müň adamdan geçdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany 7 million 973 müň adamdan geçdi

1455881
Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 585 müň adamdan geçdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 585 müň adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 13 million 652 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany bolsa 7 million 973 müň adamdan geçdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada, soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 85 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky jemi adam ýitgisi 45 müň 53 adama ýetdi. Britaniýada wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 538 adam artyp, 291 müň 911 adama ýetdi. 

Italiýada soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 13 adam artyp, 34 müň 997 adama ýetdi. Ýurtda ýene-de 162 adamyň wirusa ýolugandygy anyklandy. 

Ispaniýada epidemiýa sebäpli soňky 1 günde ýene-de 4 adamyň ýogalmagy bilen, jemi adam ýitgisi 28 müň 413 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 390 adam artyp, 257 müň 494 adama ýetdi. 

Portugaliýada Kovid-19 sebäpli soňky 1 günde ýene-de 8 adamyň ýogalmagy bilen jemi adam ýitgisi 1 müň 676-a ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 375 adam artyp, 47 müň 426 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar