ÝB-nyň ilaty 447,7 million adama ýetdi

Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurdyň jemi ilaty 2020-nji ýylda 447,7 million adam hökmünde bellige alyndy

1452930
ÝB-nyň ilaty 447,7 million adama ýetdi

Ýewropanyň Hasabat guramasy Eurostat, ÝB-e agza ýurtlaryň 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ilat görkezijilerini aýan etdi. 

Şoňa laýyklykda 2019-njy ýylyň başynda 513,5 million bolan ÝB-e agza 28 ýurdyň jemi ilaty, 2020-nji ýylda Britaniýanyň Bileleşigiň düzüminden çykmagyndan soň azaldy. 

Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurdyň jemi ilaty şeýlelik bilen 2020-nji ýylda 447,7 million adama çenli azaldy. 

Germaniýa 83,2 million adamlyk ilaty bilen ÝB-nyň iň köp ilatly ýurdy bolýan bolsa, ondan soň 67,1 million ilat bilen Fransiýa, 60,2 million adam bilen Italiýa, 47,3 million adam bilen Ispaniýa we 38 million ilaty bilen Polşa gelýär. 

ÝB ýurtlarynda 2019-njy ýylda 4,2 million çaga ýogaldy, 4,7 million adam aradan çykdy, 900 müň göç boldy. 


Etiketkalar: #Britaniýa , #ÝB , #ilat

Degişli Habarlar