Srebrenisa genosidiniň 9 gurbany şu gün jaýlanar

Potoçary ýadigärlik gonamçylygyna şu günki güne çenli 6 müň 643 gurban jaýlandy

1453152
Srebrenisa genosidiniň 9 gurbany şu gün jaýlanar

 

Ýewropada II jahan urşundan soň başdan geçirlen iň uly adamzat pajygasy hökmünde häsiýetlendirlen Srebrenisa genosidiniň 9 gurbany şu gün jaýlanar.

Bosniýa-Gersegowinanyň gündogarynda ýerleşýän Srebrenisada 1995-nji ýylyň iýul aýynda başdan geçirlen gyrgyylykda öldürlen we şahsetleri anyklanylan 9 gurban, şu gün Potoçaryýadigärlik gonamçylygynda okaljak jynaza namazyndan soň jaýlanar.

Jynaza namazynyň öňüsyrasynda geçiriljek hatyralama çäresinde Prezident R. Erdogan bilen birlikde dünýä liderleriniň, genosidiň 25-nji ýylynda ugradan wideo ýüzlenmeleri görkeziler.

Şu gün jaýlanjak gyrgyylygyň gurbanlarynyň iň kiçisi 23 ýyndaky Salko İbisewiç, iň ýaşulusy bolsa 70 ýynda öldrlen Hasan Peziç bolar.

Potoçaryýadigärlik gonamçylygyna şu günki güne çenli 6 müň 643 gurban jaýlandy. Şu gün şol san 6 müň 652-ä ýeter.

Bosniýa-Gersegowinanyň gündogarynda ýerleşýän Srebrenisanyň 1995-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ratko Mladiçiň serkerdeligindäki serp güýçler tarapyndan basylyp alynmagyndan soň BMG-nyň ýolbaşçylygyndaky gollandiýaly esgerlerden kömek soran bosniýaly asuda ilat, soň serp güýçlerine tabşyryldy.

Zenanlaryň we çagalaryň bosniýaly esgerleriň gözegçiligindäki etraplara gitmegine rugsat beren serpler azyndan 8 müň 372 erkegi tokaýda, fabriklerde we ammarlarda öldüripdi. Öldürlen bosniýalylar köpçülikleýin mazarlara atylypdy.

weşden soň gurbanlary tapmak üçin başladylan gözleg işlerinde, köpçülikleýin mazarlarda jesetleri tapylan gurbanlar, şahsiýetleri anyklanylandan soň her ýylyň 11-nji iýulynda Potoçaryýadigärlik gonamçylygynda dabaralyýagdaýda jaýlanar.

 

 



Degişli Habarlar