Ysraýyl koronawirus epidemiýasyna garamazdan palestinalylaryň öýlerini ýykmaga dowam edýär

Gündogar Iýerusalimda iýun aýynda palestinalylara degişli 13 öýü ýykan Ysraýyl, 31-i çaga 51 adamy öýsüz goýdy

1450830
Ysraýyl koronawirus epidemiýasyna garamazdan palestinalylaryň öýlerini ýykmaga dowam edýär

 

 

Ysraýylyň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garamazdan basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimda palestinalylaryň öýlerini ýykmaga dowam edýändigi nygtaldy.

Ysraýylly adam hukuklary guramasy “BTselam” tarapyndan taýarlanan habarnama görä, Ysraýyl üstümizdäki ýylyň 5 aýlyk döwründe Günbatar Şeriada 30 öýü, diňe iýun aýynda bolsa palestinalylara degişli 63 öýü ýykdy.

Habarnamda Kvwid-19 epidemiýasyna garamazdan Ysraýylyň palestinalylaryň öýlerini ýykmaga dowam edýändigine üns çekildi.

Öýleri ýykylan 84-i çaga 151 palestinaly bolsa köçede galdy.

Basyp alyşlygy astyndaky Gündogar Iýerusalimda iýun aýynda palestinalylara degişli 13 öýü ýykan Ysraýyl, 31-i çaga 51 adamy öýsüz goýdy.



Degişli Habarlar