Tel Abýatda guralan hüjümde asuda ilatdan 3-i çaga 6 adam ýogaldy

Hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny öňe sürülýär

1450930
Tel Abýatda guralan hüjümde asuda ilatdan 3-i çaga 6 adam ýogaldy

 

Siriýanyň demirgazygynda, oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Tel Abýad etrabynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde asuda ilatdan 3-i çaga 6 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy.

Türk ýaragly güýçleri we Siriýanyň Milli goşuny tarapyndan guralan “Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasy bilen terrordan saplanan Tel Abýad etrabynda partlama boldy.

Ulaga goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli ilkinji kesgitlemelere görä, asuda ilatdan 3-i çaga 6 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy.

Ýaralananlardan ýagdaýy agyr bolan 4 adamyň Türkiýä getirlendigi nygtaldy.

Howpsyzlyk güýçleri, hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny öňe sürýär.

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Tel Abýad etraby, 2019-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda guralan “Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasy bilen terrordan saplanypdy.



Degişli Habarlar