Horwatiýada şu gün saýlaw geçirilýär

Saýlawda 2 müň 669 dalaşgär milli mejlisiň 151 agzasyndan biri bolmak üçin bäsleşýär

1449145
Horwatiýada şu gün saýlaw geçirilýär

 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy howpynyň dowam edýän günlerinde horwatiýaly saýlawçylar mejlisiň 151 agzasyny kesgitlemek üçin ses berer

Saýlawda bellige salynan 3 million 859 müň 481 saýlawçy ses berer

Saýlaw merkezlerinde ýerli wagt bilen 07.00-da ses berilmäge başlandy.

Saýlaw sagat 19.00-a çenli dowam eder.

Saýlawda 2 müň 669 dalaşgär milli mejlisiň 151 agzasyndan biri bolmak üçin bäsleşýär.

Saýlawyň resmi bolmadyk netijeleriniň şu gije belli bolmagyna garaşylýar.

ÝB-niň iň ýaş ilatly ýurdy Horwatiýada 4 ýyldan bir gezek saýlaw geçirilýär.



Degişli Habarlar