Owganystanda iki aýry bombaly hüjüm guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok

1447706
Owganystanda iki aýry bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynyň merkezi Mazary Şerif şäherinde yzyly-yzyna guralan 2 aýry bombaly hüjümde 1 adam ýogaldy. 

Balh welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Adylşah Adyl metbugata beren beýanatynda, Mazary Şerif şäheriniň Daşti Şor köçesinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen 2 aýry bombanyň partlandygyny habar berdi. 

Adylşah Adyl, hüjümde asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygyny, 5 polisiýa işgäri bilen asuda ilatdan 4 adamyň jemi 9 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Balh , #Owganystan

Degişli Habarlar