Rus halky Wladimir Putiniň 2036-njy ýyla çenli wezipesini dowam etdirmegini tassyklady
Resmi bolmadyk netijelere görä saýlawçylaryň 77, 92 göterimi konstitutsiýa üýtgetme girzilmegi üçin “kabul” sesini berdi
Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň 2036-njy ýyla çenli wezipesini dowam etdirmegi üçin geçirlen ähli halk sese goýulşygynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, saýlawçylaryň 77, 92 göterimi “kabul” sesini berdi.
Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy, sesleriň dolulygyna sanalandygyny mälim etdi.
Komissiýanyň görkezijilerine görä, bellige alynan 110 million 500 müň saýlawçynyň 65 göterimi ähli halk sese goýulşygynda ses berdi.
Resmi bolmadyk netijelere görä saýlawçylaryň 77, 92 göterimi konstitutsiýa üýtgetme girzilmegi üçin “kabul” sesini berdi.
Saýlawçylaryň 21,27 göterimi bolsa “garşy” ses berdi.
Ähli halk sese goýulşygynyň netijelerine görä, konstitutsiýa giriziljek üýtgetmä laýyklykda Wladimir Putin 2036-njy ýyla çenli wezipesini dowam etdirer.
Oppozisiýa bolsa, konstitutsiýa giriziljek üýtgetme bilen 67 ýaşyndaky Putiniň ömür boýy prezident bolmagy üçin mümkinçiligiň döredildendigini goldaýar.
Degişli Habarlar
Germaniýanyň Federal Kansleri, Ysraýylyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Şols, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 3 tapgyrly tekline kanagatlanma bildirýändiklerini nygtady.