“Şu gün Russiýanyň geljegini kesgitleýäris"

Russiýada referendum geçirilýär

1446972
“Şu gün Russiýanyň geljegini kesgitleýäris"

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, ýurdunyň syýasy ulgamyny üýtgetjek, 2036-njy ýyla çenli prezident wezipesini dowam etdirmegine şert döretmegi üçin konstitutsiýa üýtgetme girizilmegi maksady bilen geçirilýän referendumda ses berdi.

Wladimir Putin paýtagt Moskwada Russiýanyň Ylymlar Akademiýasyndaky “2151” belgili saýlaw merkezinde, Premýer ministr Mihail Mişustin hem “90” belgili merkezde ses berdi.

Premýer ministr Muşistin “Şu gün bu ýerde Russiýanyň geljegini kesgitleýäris. Ýurdumyzyň ykdysady galkynyşynyň, taryhynyň, däp-dessurlarynyň we gymmatlyklarynyň goralyp saklanmagy üçin ses berdim diýdi.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli 25-nji iýunda başlan referendum etaby şu gün agşam tamamlanar.

Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy, 25-nji iýundan bäri ýerli wagt bilen 12.00-a çenli ýurtda bellige alynan saýlawçylaryň 57,43 göteriminiň ses berendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar