Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky LREM partiýasy ýerli saýlawlarda uly ýeňilişe sezewar boldy

Saýlawyň ikinji tapgyrynda bellige alynan 16,5 million saýlawçynyň 60 göterimi ses bermedi

1445075
Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky LREM partiýasy ýerli saýlawlarda uly ýeňilişe sezewar boldy

 

Fransiýada Prezident Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky LREM partiýasy ýerli saýlawlaryň ikinji tapgyrynda uly ýeňilişe sezewar boldy.

22-nji marta geçirilmegi meýilleşdirlen emma täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli yza şüýşürlen ýerli saýlawlaryň ikinji tapgyry düýn geçirildi.

Saýlawyň ikinji tapgyrynda bellige alynan 16,5 million saýlawçynyň 60 göterimi ses bermedi. Şol san 2014-nji ýyldaky ýerli saýlawlarda 37,87 göterimdi.

Saýlawda ses beren saýlawçylaryň gatnaşmagynda geçirlen sowalnama görä, LREM partiýasy saýlawyň ikinji tapgyrynda hem, birinji tapgyrda bolşy ýaly uly şäherleri ýitirdi.



Degişli Habarlar