ABŞ Ýewropadaky harby güýçlerini, Hytaý bilen göreşiň çäginde başga ýurtlara ornaşdyrýar

"Hytaý Hindistana we Günorta gündogar Aziýada ýurtlaryna uly howp salmaga başlady"

1443500
ABŞ Ýewropadaky harby güýçlerini, Hytaý bilen göreşiň çäginde başga ýurtlara ornaşdyrýar

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, ýurdunyň Ýewropadaky harby güýçlerini, Hytaý bilen göreşiň çäginde başga ýurtlara ornaşdyrmaga başlandygyny aýtdy.

Pompeo Waşingtonda geçirlen panelde eden çykyşynda Hytaýyň dünýä ýurtlaryna ýetirýän täsiri hakynda durup geçdi.

Pompeo, Hytaýyň esasan Hindistana we Günorta gündogar Aziýada ýurtlary Malaýziýa, Indoneziýa, Wiýetnama we Filippine uly howp salmaga başlandygyny we ABŞ-nyň şol sebäpli Ýewropadaky harby güýçlerini şol sebitlere ornaşdyrmaga başlandygyny belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeo “Biz bem Hytaýyň ýaragly güýçlerine garşy göreşde howa we deňiz güýçlerimiz bilen birlikde ähli taraplaýyn taýarlyk gördük” diýdi.


Etiketkalar: #Hytaý , #Maýk Pompeo , #ABŞ

Degişli Habarlar