Eýran, Yrak serhedinde harby türgenleşik geçirýär

Türgenleşikde uçarmansyz howa ulaglary hem ulanylýar

1441783
Eýran, Yrak serhedinde harby türgenleşik geçirýär

 

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny, Yragyň Kürt Awtanomiýasy serhediniň golaýyndaky terrorçylary ýok etmek üçin harby türgenleşik geçirýändigini habar berdi.

Çehel Çeşme etrabynda geçirilýän türgenleşikde uçarmansyz howa ulaglarynyň hem ulanylýandygy nygtaldy.

Mesele hakynda berlen beýanatda, Yragyň demirgazygyndaky Kürt Awtanomiýasynyň liderlerine we Yragyň hökümetine sebitdäki terror guramalaryna garşy herekete geçmek barada çagyryş berildi.

Beýanatda “Eýran terror guramalaryna garşy tutanýerli göreş alyp barmaga dowam eder” diýildi.

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny, geçen hepde hem Yragyň Erbil şäherinde serhetýaka zolaklaryndaky daglyk meýdanlary bombalandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar