Siriýanyň Azez etrabynda bombaly hüjüm guraldy
Partlamada 1 adam ýaralandy
1440788
Siriýanyň demirgazygyndaky Azez etrabynyň çadyr düşelgeler zolagynda Siriýanyň Milli goşunyna degişli ulaga ýerleşdirilen bomba partlady.
Partlamada 1 adam ýaralandy, partlan ulag bolsa ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi.
Hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygy çak edilýär.
Siriýanyň Tel Ryfat we Manbij sebitlerinde basyp alyjylygyny dowam etdirýän Terror guramasy ÝPG/PKK, Bab, Azez, Jerablus we Afrin sebitlerinde ýygy-ýygydan terrorçylykly hüjümler guraýar.
Degişli Habarlar
Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi
Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.