"Söwda gatnaşyklary meselesinde Türkiýe bilen ylalaşyk gazanylmagy üçin tagalla ederin"

“Ýewropa Komissiýasynyň Türkiýe bilen söwda gatnaşyklary meselesinde ylalaşyk gazanmagy üçin tagalla ederin”

1439667
"Söwda gatnaşyklary meselesinde Türkiýe bilen ylalaşyk gazanylmagy üçin tagalla ederin"

 

Wengriýanyň Daşary işler we Söwda ministri Peter Szižžarto, ÝB Komissiýasynyň söwda gatnaşyklary meselesinde Türkiýe bilen täze şertnama baglaşmagy üçin tagalla etjekdigini aýtdy.

Ministr Szižžarto, Söwda ministri Pekjan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginden soň Facebook arkaly beýanat berdi.

Täze görnüş koronawirusa garşy göreşde lukmançylyk enjamy kömegini beren türk hökümetine minnetdarlyk bildiren Szižžarto, Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň hem Wengriýa hem-de Türkiýe taýdan bähbitli boljakdygynyny belledi.

Wenger ministr, “Ýewropa Komissiýasynyň Türkiýe bilen söwda gatnaşyklary meselesinde ylalaşyk gazanmagy we täze gümrük salgytlarynyň goýulmazlygy üçin tagalla ederin” diýdi.


Etiketkalar: #ylalaşyk , #Wengriýa , #ÝB

Degişli Habarlar