“Hytaýyň Goşunlary Hindistanyň Territoriýasyna Girmedi”

Hindistanyň Premýer ministri Narendra Mondi Hytaýyň goşunlarynyň serhetde bolan çaknyşykdan soň beren beýannamasynda Hytaýyň hargy güýçleriniň Hindistanyň territoriýasyna girmändigini aýtdy

1439788
“Hytaýyň Goşunlary Hindistanyň Territoriýasyna Girmedi”

Modi wideokonferensiýa arkaly ýurtdaky syýasy partiýalaryň liderleri bilen geçiren maslahatynda oppozision liderlere Hindistanyň serhetleriniň howpsyzdygyny we goşunlaryň ýurdy goramaga ukyplydygyny beýan etd.

Hytaýyň harby goşunlarynyň Hindistanyň territoriýasyna girmändigini we haýsydyr bir howpsyzlyk nokadyny almandygyny beýan eden Modi, ýaragly güýçlere degişli çäreleriň görülmegi üçin doly ygtyýaryň berilendigini nygtady.

Modi Hindistanyň täze infrastruktura işleri sebäpli esasanda Gözegçilik zolagynda harby patrullyk güýjüniň artandygyna ünsi çekip, ýurduň Hytaýyň synanşygy sebäpli gynanandygyny we gazaplanandygyny beýan etdi.

Hindistanyň parahatçylyk we dostluk isleýändifgini aýdan Modi, emma ýurduň özygtyýarlygynyň we goranyşynyň başda durýandygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar