Tramp, Serbiýa bilen Kosowanyň liderini Waşingtona çagyrdy

Tramp, Serbiýa bilen Kosowanyň arasynda birnäçe ýyldan bäri dowam edýän düşnüşmezlikleriň çözülmegi üçin işe girişdi

1437295
Tramp, Serbiýa bilen Kosowanyň liderini Waşingtona çagyrdy

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Serbiýa bilen Kosowanyň arasyndaky düşnüşmezligiň çözülmegi üçin iki ýurduň liderini 27-nji iýunda Waşingtona çagyrdy.

Prezident Tramp, Serbiýa bilen Kosowanyň arasynda birnäçe ýyldan bäri dowam edýän düşnüşmezlikleriň çözülmegi üçin işe girişdi.

Tramp, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wujij bilen Kosowanyň Prezidenti Haşim Taçini 27-nji iýunda Ak Tama çagyrdy.

Serbiýaly ýolbaşçylar Ak Tamdan çakylyk alandyklaryny tassyklady. Kosowa tarapyndan bolsa heniz hiç hili beýanat berilmedi.

Amerikaly ýolbaşçylar bolsa, Trampyň bu çakylygyny “saýlaw göçümi” hökmünde analiz edýär.

Kosowa 2008-nji ýylda Serbiýadan aýrylyp bir taraply ýagdaýda garaşsyzlygyny yglan etse-de, Serbiýa şol ýurdy henizem öz territoriýasy hökmünde görmäge dowam edýär.

 


Etiketkalar: #çakylyk , #Ak Tam , #Kosowa , #Serbiýa

Degişli Habarlar