Russiýa 2 çeh diplomatyny “islenmeýän adam” yglan etdi

Russiýa Çehiýanyň Moskwada ýerleşýän İlçihanasynda işleýän 2 diplomaty “islenmeýän adam” yglan etdi

1436360
Russiýa 2 çeh diplomatyny “islenmeýän adam” yglan etdi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Çehiýanyň 2 rus diplomatyny ýurtdan çykarndygy ýatladylýar.

Çehiýanyň Russiýadaky İlçisi Witezslaw Piwonkanyň ministrlige çagyrylandygyna üns çekilýän beýannamada; “Deň derejelilik kadasyna laýyklykda Çehiýanyň Moskwada ýerleşýän İlçihanasynda işleýän iki diplomat “islenmeýän adam” yglan edildi. Diplomatlar maşgala agzalary bilen bilelikde 17-nji iýunyň ahyryna çenli Russiýadan çykmaly.” Diýilýär.

Beýýannamada diplomatlaryň ýurtdan çykarylmagy hakyndaky kararyň Çehiýanyň meçew beriji aksiýalary sebäpli kabul edilendigi nygtaldy.

Çehiýanyň Premýer ministri Andreý Babis alyp barýan işleri sebäpli Çehiýa-Russiýa gatnaşyklaryna zyýan ýetirýändikleri sebäpli 5-nji iýunda 2 rus diplomatynyň ýurtdan çykarylmagy hakynda karar kabul edendiklerini aýdypdy.

Ozal diplomat pasportly rus içalysynyň aprel aýynda çeh resmileriniň janyna kast etmek üçin Çehiýa zäherli risin maddasyny getirendigi öňe sürülipdi.



Degişli Habarlar