Putin bilen Merkel telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Putin bilen MerkelLiwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

1432909
Putin bilen Merkel telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kreml tarapyndan berlen beýanatda, Putin bilen Merkeliň telefon söhbetdeşliginde Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Putin bilen Merkel, Liwiýada çaknyşyklaryň artmagyna alada bildirdi.

ki lideriň, BMG-nyň ýolbaşçylygynda liwiýalylaryň arasynda gepleşikleriň başlamalydygyny we çaknyşyklaryň gyssagly bes edilmelidigini nygtandygy bellenildi.

Beýanatda, rus tarapynyň Müsüriň Liwiýa krizisiniň çözülmegi baradaky tagallasyna goldaw berýändigi nygtaldy.

Putin bilen Merkel telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Ukraina we Siriýa meselesi hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar