Jorj Floýd Hýustonda Jaýlandy

ABŞ-nyň Demokrat partiýadan Prezidentlige dalaşgäri Jo Baýden Floýdyň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi

1432994
Jorj Floýd Hýustonda Jaýlandy

 

 

ABŞ-da polis tarapyndan öldürilen Afroamerikan Jorj Floýd Hýustondaky Nort Fontain buthanasynda hossarlary üçin geçirilen ýörite hatyralama çäresinden soň ejesi Larsenia Floýdyň Memorial Garden gonamçylygyna jaýlandy.

ABŞ-da polisiň basyşlaryna garşy reaksiýalaryň simwolyna öwrülen Floýd üçin geçirilen jynaza çäresiniň ilkinjisi penşenbe güni Minneaplis şäherinde, ikinjisi şenbe güni doglan ýeri bolan Günorta Korolaýna ştatynda, üçünjisi bolsa doglan ýeri bolan Hýustonda geçiliripdi. Üç çäräde-de müňlerçe adam Floýdyň tabydynyň ýanyna gelip, hormatly dymyşlyk edipdi.

Jynaza wiode ýazgy ugradan ABŞ-nyň Demokrat partiýadan Prezidentlige dalaşgäri Jo Baýden Floýdyň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi.

Baýden adalada we deňlige ünsi çekýän ýüzlenmesinde: “Jorj Floýd üçin adalat ýerine düşende ABŞ-da hakykatdan hem rasizme garşy adalat üçin ýola çykdygymyz bolar” diýdi.

Hýustonyň häkimi Silwester Torner bolsa Jorj Floýdyň jynazasynda sözlän sözünde şäher polisiýa gullukçylarynyň boýundan tutma we boýuny gysma ygtyýarynyň bes edilmegi hakyndaky buýruga gol çekjekdigini beýan etdi.

Torner mundan beýläk polisiň od açmazdan ozal duýduryş bermegi hakyndaky düzgüni hem güýje girizjekdiklerini aýtdy.

46 ýaşly Jorj Floýd 25-nji maýda galplyk edendigi şübhesi bilen Minneapolisde polisler tarapyndan saklanýarka polislerden biriniň uzak wagtlap ýeňsesinden dyzy bilen basmagy netijesinde aradan çykmagy ýurtda garaýagyzlara garşy polisiň basyşyny we rasizm diskussiýalaryny ýaňadandan güýçlendiripdi.

Wakalaryň başlan ýeri bolan Minneapolisden ýurduň çar tarapyna tutaşan we 2 hepdedir dowam edýän protestlerde polisleriň ygtyýlarynyň çäklendirilmegi talap edilýär.



Degişli Habarlar