ABŞ Alýaskanyň golaýynda 4 rus harby uçaryň öňüni kesdi
ABŞ ýurdyň Alýaska ştatynyň golaýynda 4 rus harby uçaryň öňüni kesdi
Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, 4 sany TU-95 MC strategik raketa uçalarynyň Çukçi, Bering we Ohotsk deňiziniň halkara suw giňişliginde gözegçilik işlerini geçirendigi aýan edildi.
Uçarlaryň Çukotsk awtonom respublikasyndan we Amur sebitindäki howa menzillerinden ýola çykandyklary aýdylýan beýanatda, ABŞ-nyň Harby-howa güýçlerine degişli F-22 uçarlarynyň Alýaskanyň golaýynda rus uçarlarynyň öňüni kesendigi beýan edildi.
Gözegçilik işleriniň 11 sagat dowam edendigi aýdylýan beýanatda, ähli uçuşlaryň halkara düzgünlere laýyklykda we beýleki döwletleriň serhet giňişlikleri bozulmadan ýerine ýetirilendigi mälim edildi.
Degişli Habarlar
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.