Jorj Floýdyň öldürilmeginden soň dünýäniň çar tarapynda başlan protest ýörişleri dowam edýär

Jorj Floýdyň polisiýa işgäri tarapyndan öldürilmeginden soň, Britaniýada başlan protest ýörişleri dowam edýär

1431326
Jorj Floýdyň öldürilmeginden soň dünýäniň çar tarapynda başlan protest ýörişleri dowam edýär

Jorj Floýdyň öldürilmeginden soň dünýäniň çar tarapynda başlan protest ýörişleri dowam edýär.

ABŞ-da, Afroamerikan Jorj Floýdyň 25-nji maýda polisiýa işgäri tarapyndan öldürilmeginden soň, Britaniýada başlan protest ýörişleri dowam edýär.

Paýtagt Londonda ABŞ-nyň ilçihanasynyň we Premýer ministrligiň öňünde ýöriş geçirildi.

Protest ýörişlerinde “Garaýagyzlaryň ýaşaýşy möhüm”, “Britaniýa günäli”, “Adalat bolmasa parahatçylyk bolmaz”, “İndi besdir” we “Tramp bilen Boris rasisit” diýlen şygarlar göterildi.

London bilen birlikde Bristol şäherinde hem protest ýörişi geçirildi.

Jorj Floýd üçin Şotlandiýanyň paýtagty Edinburgda hem protest ýörişi geçirildi.

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Adalat köşgüniň öňünde geçirlen protest ýörişine bolsa müňlerçe adam gatnaşdy.

Poelaert meýdanynda bir ýere jemlenşen 10 müňe golaý adam, polisiýanyň basyşyna we rasizime garşy şygarlar aýtdy.

Jorj Floýdyň polisiýa işgäri tarapyndan öldürilmegine garşy, Daniýanyň paýtagty Kopengagende hem 15 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda protest ýörişi geçirildi.

ABŞ-nyň Kopengagendäki ilçihanasynyň öňünde jemlenşen protestçylar “Dem alyp bilmeýärin”, “Garaýagyzlaryň ýaşaýşy möhüm”, “Rasizim hem bir hüjümdir” diýlen şygarlary göterdi.

ABŞ-nyň Minnesota ştatynda 25-nji maýda başdan geçirlen wakada, Afroamerikan Jorj Floýd gözastyna alynýarka “dem alyp bilmeýärin” diýip ýalwarandygyna garamazdan, polisiýa işgäriniň dyzy bilen boýnuna basmagy sebäpli ýogalypdy.

Şol günden bäri ABŞ-nyň çar tarapynda protest ýörişleri geçirilýär.



Degişli Habarlar