Russiýa, Liwiýa meselesinde gol çekişilen Kair jarnamasyna goldaw berýär

"8-nji iýundan başlap Liwiýanyň çar tarapynda hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berýäris”

1430894
Russiýa, Liwiýa meselesinde gol çekişilen Kair jarnamasyna goldaw berýär

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça ýörite wekili Mihail Bogdanow, Liwiýanyň gündogarynda iş alyp barýan ýaragly toparyň lideri Halife Haftara tabynlykdaky söweşijileriň, yzly yzyna ýeňilmeginden soň gol çekişilen Kair jarnamasyna goldaw berýändiklerini mälim etdi.

Bogdanow, Ria habarlar gullugyna, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah Sisiniň, Haftar we hyzmatdaşy Tobruk Wekiller mejlisiniň başlygy Akile Salih bilen Liwiýada syýasy etabyň başlamagy we 8-nji iýundan başlap ýurduň çar tarapynda hüjümleriň bes edilmegi üçin berlen çagyryş hakynda beýanat berdi.

Bogdanow “Müsüriň Prezidentliniň teklibini okadyk, elbetde Liwiýada hüjümleriň gyssagly bes edilmegi baradaky ähli tekliplere goldaw berýäris” diýdi.

Liwiýanyň harby goşunynyň, Haftara tabynlykdaky güýçleri yzly-yzyna ýeňmeginden soň Haftar bilen hyzmatdaşlary düýn Müsüriň paýtagt Kairde duşuşypdy.

Duşuşykdan soň Müsüriň Prezidenti Abdulfettah Sisi, Haftar we syýasy hyzmatdaşy Salih bilelikde metbugata beýnat berip, “Kair jarnamasyny” okady.

Sisi beýanatynda “Haftar we Salih bilen Liwiýadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazandyk. Şol çäkde 8-nji iýundan başlap Liwiýanyň çar tarapynda hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berýäris” diýdi.


Etiketkalar: #Liwiýa , #Russiýa , #jarnama , #Kair

Degişli Habarlar