Liwiýanyň harby goşuny, Haftara garşy ýeňiş gazanmaga dowam edýär

Liwiýanyň harby goşuny, Haftaryň 10 söweşijisini öldürdi

1431031
Liwiýanyň harby goşuny, Haftara garşy ýeňiş gazanmaga dowam edýär

 

Liwiýanyň harby goşuny Sirte şäherinde guran howa hüjüminde, ýurduň gündogarynda iş alyp barýan ýaragly güýçleriň lideri Haftaryň 10 söweşijisini öldürdi.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Liwiýanyň howa güýçleriniň Sirte şäherinde guran howa hüjüminde 10 söweşiji öldürildi, sowutly 1 ulag bilen iki ýaragly ulag hem hatardan çykaryldy.

Beýanatda, Haftara goldaw berýän Birleşen Arap Emirliklerine degişli uçarmansyz howa ulagynyň hem urlup düşürlendigi nygtaldy.

Terhune şäherinde bolsa, Haftara degişli güýçleriň ulanýan mina ammarlary ele geçirildi.

Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz as Serraj, huntaçy general Haftara garşy ýeňiş gazanmaga dowam edýän Liwiýanyň harby goşunynyň Baş ştatbynyň başlygy Muhammed Ali Şerif we serkerdeler bilen harby zolaka duşuşdy.

Serraj harby ýolbaşçylardan, Haftara garşy göreşde ýetilen soňky sepgit hakynda maglumat aldy.



Degişli Habarlar