Indoneziýada harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli 4 adam ýogaldy
Russiýada öndürlen “Mi-17” kysymly harby dikuçar, adaty tälim uçuşyny amala aşyrýarka heläkçilige uçrady
1430961
Indoneziýada harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli 4 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy.
“Kompas” gazetiniň berýän habaryna görä, Kendal şäherinde 9 ekipažy bolan Russiýada öndürlen “Mi-17” kysymly harby dikuçar, adaty tälim uçuşyny amala aşyrýarka heläkçilige uçrady.
Heläkçilikde 4 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy.
Dikuçaryň näme sebäpli heläkçilige uçrandygy heniz bilinmeýär, heläkçilik hakynda derňew işi gozgaldy.
Degişli Habarlar
Eýran Täze Prezidentini Saýlamak Üçin 28-nji Iýunda Saýlaw Geçirer
Bu barasynda Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA habar berdi.
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.