Jorj Floýdyň öldürilmeginden soň başlan protestler dowam edýär

Bowser geçiren metbugat ýygnagynda şäherde soňky 2 gün bäri geçýän Jorj Floýd bilen bagly protestleriň hadysasyz geçendigini habar berdi

1430273
Jorj Floýdyň öldürilmeginden soň başlan protestler dowam edýär

ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäheriniň häkimi Bowser, Jorj Floýdyň polisiýa işgärleriniň eden-etdiligi netijesinde öldürilmeginden soň geçirilmäge başlanan protestler sebäpli şäheriň töweregine ýerleşdirilen esgerleriň çekilmelidigini belledi. 

Bowser geçiren metbugat ýygnagynda şäherde soňky 2 gün bäri geçýän Jorj Floýd bilen bagly protestleriň hadysasyz geçendigini habar berdi. 

Protestlerdäki eden-etdilgiň öňüniň alynmagy maksady bilen şäheriň töweregine ýerleşdirilen esgerler bilen baglanşykly Bowser: "Waşingtona beýleki ştatlardan gelen esgerleriň, şäherden çykmagyny isleýäris" diýip belledi. 

Prezident Donald Trampyň Waşingtonda agyr ýaragly esgerleri we howpsuzlyk güýçlerini ýerleşdirmeginden soň, şäherdäki protestlerde dartgynlyk azaldy we demonstrasiýalar parahatçylykly häsýetde geçmäge başlady. 

Jorj Floýdyň göz tussaglyk prosesine gatnaşan Thao, Lane we Kueng we Floýdyň ýeňsesine dyzyny basyp ölmegine sebäp bolan Derek Şowen wakadan 24 sagat geçmeden wezipelerinden çetleşdirilipdi. 

Derek Şowen geçen hepde Hennepin sebitiniň prokuraturasy tarapyndan 3-nji derejeli jenaýat günkärlemesi bilen göz tussaglygyna alynypdy, emma kazyýet işiniň Minnesota ştatynyň gubernatorlygy tarapyndan ştatyň Baş prokurory Keith Ellisona geçirilmegi bilen, gozgalan kazyýet işiniň derejesi 2-nji derejä ýokarladylypdy. Tussag edilen halatynda Derek Şoweniň azyndan 40 ýyl azatlykdan mahrum edilmegine garaşylýar. 

Minnesota ştatynda 25-nji maýda başdan geçirilen hadysada Jorj Floýd, göz tussaglygyna alynan mahaly, dem alyp bilemok diýip aýtmagyna garamazdan, polisiýa işgäri Derek Şoweniň ýeňsesine aýagy bilen basmagyny dowam etdirmegi sebäpli ýogalypdy. 

Waka sebäpli şol günden bäri ABŞ-nyň ençeme şäherinde protestler geçirilýär. 

Beýleki tarapdan Minnesotada polisiýa işgäriniň eden-etdiligi sebäpli öldürilen Jorj Floýd üçin ilkinji jynaza çäresi geçirilýär. Minneapolis şäherindäki North Central uniwersitetinde geçirilen çärä, Floýdyň dogan-garyndaşlary, ýakynlary we tanyşlary bilen birlikde dini we syýasy liderler hem gatnaşdy. 

Amerikanyň metbugatynyň göni ýaýlym arkaly görkezen çäreden ozal, Floýdyň tabytynyň ýerleşdirilen ulag çäräniň geçiriljek binasyna golaýlan mahaly, Minneapolis şäheriniň Polisiýa gullugynyň başlygy Medaria Arradonda we Komissaryň orunbasary Dawe Okonner dyzyna çöküp hormat goýdylar. 


Etiketkalar: #Waşington , #ABŞ , #Jorj Floýd

Degişli Habarlar