Gresiýada, Jorj Floýdyň polisiýa işgäri tarapyndan öldürilmegine garşy protest ýörişi geçirildi

Protestçylar ABŞ-nyň Gresiýadaky ilçihanasyna çenli ýöredi

1429535
Gresiýada,  Jorj Floýdyň polisiýa işgäri tarapyndan öldürilmegine garşy protest ýörişi geçirildi

Gresiýanyň paýtagty Afinyda, ABŞ-nyň Minnesota ştatynda Jorj Floýdyň polisiýa işgäri tarapyndan öldürilmegine garşy protest ýörişi geçirildi.

Sintagma meýdanynda bir ýere jemlenşen 3 müňe golaý adam protest ýörişinde, polisiň gysyşyna we ABŞ-na garşy şygarlar aýtdy.

Protestçylar ABŞ-nyň Gresiýadaky ilçihanasyna çenli ýöredi.

Protestçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykdan soň 7 adam saklandy.

Howpsyzlyk güýçleri protestçylara garşy gözüňi ýaşardýan gaz bilen ses bombalaryny ulandy.



Degişli Habarlar